Jeff Bezos we OpenAI robot önümçiligi boýunça startapa maýa goýdular

  • 08.11.2024 10:19
  • 3.9k+

San-Fransiskodan robotlar bilen meşgullanýan Physical Intelligence startapy nobatdaky maliýeleşdiriş tapgyrynyň dowamynda 400 mln dollar maýa çekdi. CNBC-niň habar bermegine görä, maýadarlaryň hataryna Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy, Blue Origin aerokosmos kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezos we ChatGPT-ni dörediji OpenAI kompaniýasy hem goşuldy.

Şeýle-de, maýa goýmaga birnäçe uly wençur gaznalary gatnaşdy. Tapgyr tamamlanandan soň, startapyň bahasy 2,4 mlrd dollar diýlip hasaplandy.
Physical Intelligence taslamasynda Tesla, Google DeepMind, X ýaly uly korporasiýalaryň öňki öňdebaryjy hünärmenleri işleýär. Startap soňky sekiz aýda robotlar üçin uniwersal EA modelini işläp taýýarlamak bilen meşgullandy. Onuň ahyrky maksady adam aňyna deňeçer ýa-da ondan hem ösen emeli aňy döretmekden ybarat.
Startapa gatnaşyjylar eýýäm kir ýuwup, stoluň üstüni arassalap bilýän we başga-da şuňa meňzeş işleri ýerine ýetirýän robotlary öndürmäge mümkinçilik berýän algoritmleri işläp taýýarlaýar.
Jeff Bezosyň baýlygy häzir 205 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar we ol milliarderler reýtinginde üçünji orny eýeleýär. OpenAI resmi taýdan heniz startap bolsa-da, soňky maliýeleşdiriş tapgyrynda 6,6 mlrd dollar maýa çekmek bilen kompaniýa derejesine ýetdi diýlip hasaplanylýar.
Bazar üçin bu waka maýadarlaryň zähmet bazaryny üýtgedip, awtomatlaşdyryşda täze mümkinçilikleri döredip biljek robototehnika we emeli aň pudagynda işläp taýýarlamalara ýokary gyzyklanmasynyň bardygyny görkezýär.


02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......