Kia täze Sportage 2026 modelini hödürledi

  • 08.11.2024 10:14
  • 6.3k+

Kia kompaniýasy Günorta Koreýada "Sportage 2026" krossoweriniň täzelenen görnüşini resmi taýdan hödürledi. Modeliň satuwy 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde meýilleşdirilýär diýip, CarExpert.com ýazýar.

Awtoulagdaky esasy üýtgeşmeleriň hatarynda 180 at güýjüne eýe 1,6 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji üçin sekiz tizlikli täze awtomatiki herekete geçiriji guty bar. Ondan öň kompaniýa awtoulaglaryny ýedi tizlikli, goşa klawişli awtomatiki herekete geçiriji guty bilen enjamlaşdyrypdy.
Içerki bazarda benzin we gaz bilen işleýän 2.0 litrlik hereketlendirijili (bu ýerde 6 tizlikli awtomatiki geçiriji ulanylýar) hem-de 1,6 litrlik hereketlendirijä eýe gibrid ulgamly ulag görnüşleri hödürlenýär, 6 tizlikli awtomatiki geçirijili model 65 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.


Koreýada bu awtoulagyň öň tekerleri we ähli tekerleri işleýän görnüşlerde, Awstraliýada bolsa diňe ähli tekerleri işleýän görnüşde elýeterli bolar.
Kia ses siňdiriji materiallar goşmak we amortizasiýany döwrebaplaşdyrmak arkaly ulagyň rahatlygyny ýokarlandyrdy, ses izolýasiýasyny (sesiň maşynyň içine eşidilmezligini) gowulandyrdy. Ulagyň daş görnüşindäki täzelikleriň arasynda diametri 17-19 dýuým bolan täze teker diskalary we kuzawosynyň reňkiniň üýtgeşmesi (palitrasy) bar.
Içinde Kia-nyň ccNC operasiýa ulgamy bilen işleýän 12.3 dýuýmlyk duýgur ekran bar, onuň üsti şol bir ölçegdäki sanly gurallar topary bilen doldurylýar. Şeýle-de baş ekran hakykata ýakyn hemra nawigasiýasy, nawigasiýa goldawy bilen uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy we howa täzeleýiş ulgamy bar.


Öňdebaryjy tehnologiýalaryň arasynda "Kia Digital Key 2" ulgamy smartfonlary we akylly sagatlary ulanyp, ulaga girişi dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ulagyň uly ýollarda howpsuz hereket etmegini ýokarlandyrmak üçin kömekçi ulgamy bar.
Awtoulagyň benzin bilen işleýän ýörite görnüşi dört sany düzüliş bilen hödürlenýär: Prestige, Noblesse, Signature we Signature X-Line. Olaryň bahalary 20.5-25,5 müň dollar aralygyndadyr. Haýsydyr bir bezeg derejesindäki düzülen ulagy almak üçin, oňa goşmaça 1600 dollar tölemeli bolar.
Şeýle-de 2.0 LPG hereketlendirijisi bolan "Sportage 2026" düzülende, onuň bahalary 21-den 26 müň dollar aralygyndadyr. Ulagyň ähli tekerleriniň işleýän görnüşi goşmaça çykdajyny goşaňda-da elýeterli däl.
Gibrid görnüşi ulagyň iň gymmadydyr. Olaryň düzülişleri birmeňzeş, ýöne bahalary 25-den 29,8 müň dollar aralygynda. Ähli tekerleri işleýän ulag bu ýerde goşmaça 1600 dollara satylýar.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....