Alymlar on ýyllap geçiren barlaglaryndan soň AIW-e garşy sanjymyň prototipini döretdiler

  • 07.11.2024 21:14
  • 8k+

Oregon uniwersitetiniň alymlary on ýyllyk barlaglardan soň, adamyň sitomegalowirus (HCMV) wirusynyň esasynda AIW-e garşy sanjymyň prototipini  döretdiler.

Science Immunology žurnalynda çap edilen barlagda AIW-e garşy sanjymyň  dörediliş prosesi beýan edilýär.
Alymlar topary HCMV-iň adamlarda AIW wirusyna garşy netijeli göreşip bilýän T-öýjükli reaksiýa berýändigini anyklady. Barlagçylar islenilýän netijäni gazanmak üçin immunitet ulgamyny işjeňleşdirmegiň açary bolup çykan 41 dalaşgärden birini saýlap, HCMV-iň birtopar genini öçürdiler. Bu ösüş diňe bir AIW ýokanjyndan goramak üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmeýär. Ony gyzzyrma we rak ýaly, beýleki kesellere garşy hem ulanmak mümkin bolup biler. Dermanyň şeýle giň täsiri sanjymyň immunitet ulgamyny üýtgeşik güýçli we nyşana alyjy edýändigi bilen baglanyşyklydyr. 
Indi alymlar sanjymy ilkinji kliniki synaglara taýýarlaýarlar.
Häzirki wagtda AIW ýokaşan adamlar adaty durmuşda ýaşamak üçin yzygiderli wirusa garşy bejergi almaly bolýarlar. Bu diňe bir gymmat düşmän, eýsem ygtybarly hem däldir: keseli birneme ötüşdirseň, wirus “oýanyp başlaýar”. Täze sanjym işlenip taýýarlansa, bu meseläni çözüp bilerdi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......