Raýan Reýnolds we Hýu Jekman Marvel bilen bagly bolmadyk täze bilelikdäki taslamany taýýarlaýar

  • 07.11.2024 18:54
  • 6.4k+

Aktýor Raýan Reýnolds “Variety” podkastynda täze film barada maglumaty tassyklap, oňa Hýu Jekman bilen bilelikde gatnaşjakdygyny aýtdy.

Bir ýylyň dowamynda işlenip taýýarlanan taslama dünýä prokatynda 1,34 mlrd dollar ýygnan “Dedpul we Rosomaha” atly bilelikdäki filmiň üstünligine garamazdan, meşhur Marvel kinoälemi bilen baglanyşykly bolmaz.
Reýnoldsyň aýtmagyna görä, film üçin ssenariýany režissýor Şon Lewi bilen bilelikde özi ýazdy. Onuň bilen aktýor diňe bir “Dedpulyň” üçünji bölüminiň däl, eýsem “Baş gahryman” (Главный герой) we “Adam” taslamasy” (Проект “Адам”) ýaly filmleriň üstünde-de işledi.

“Tutuş bir ýyly ssenariýa ýazmak bilen sarp etdim. Bu biziň Hýu hem Şon bilen taslamamyz we ol Marvel üçin däl” – diýip, Reýnolds aýtdy.

Filmiň sýužeti we beýleki giňişleýin maglumatlar häzirlikçe belli däl.


düýn 15:52
834

«Super Mario: Galaktika kinosy» 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi

«Super Mario: Galaktika kinosy» filmi görkezilişiniň üçünji uik-endinde 35 million dollar ýygnady. Indi dünýä boýunça jemi 747 million dollar girdeji gazanan bu film 2026-njy ýylyň iň girdejili filmine öwrüldi......

24.04.2026 19:16
3k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

24.04.2026 14:38
762

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

24.04.2026 10:37
1.6k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....