Google Kartalarda Gemini-niň emeli aň funksiýalary peýda bolar. Ulanyjylar üçin nämeler üýtgär?

  • 07.11.2024 12:44
  • 2.9k+

Google Kartalar hyzmaty Gemini generatiw emeli aň funksiýalaryna eýe bolar. Bu täzelik ulanyjylara baryp görmek we güýmenje-gezelençler üçin ýer saýlamakda ugur görkeziji bolup hyzmat eder.

Indi Google Kartalar belli ugurlardaky çäreler barada maslahat berip biler we beýleki ulanyjylaryň seslenmelerine esaslanyp, çäräniň ruhuny has doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer.
Hyzmatyň nawigasiýa aýratynlyklaryny ulanýan sürüjiler gözel ýerleri, restoranlary we tebigat gözelliklerini göz öňünde tutup, öz ýol ugrunda duralgalary goşup bilerler.
Wizual tarapdan gowulaşdyrylan karta hereketiň zolagyny, pyýada geçelgelerini we ýol belliklerini has takyk görkezer. Mundan başga-da, kartalar öwrülmeli ýeri duşuňdan geçirmezlik üçin haýsy zolakda bolmalydygyny görkezer.
Mundan başga-da, şu wagta çenli 150 şäherde elýeter bolan täze jikme-jik görmek aýratynlygy täzelenen obýektleri hem-de awtoulag duralgasy we barylýan ugurda  howanyň ýagdaýy ýaly, peýdaly maglumatlary öz içine alar.
Käbir täze aýratynlyklar indiki hepde ABŞ-da, soňra bolsa dünýäniň beýleki ýurtlarynda ulanyjylar üçin elýeterli bolar.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......