Çehiýanyň uniwersitetleri Aşgabatda maksatnamalaryny tanyşdyrdylar

  • 06.11.2024 12:15
  • 2k+

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasy geçirildi.

Ýarmarkanyň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (rezidensiýasy Daşkentde) Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory Nurnepes Kulyýew gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Çäräniň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, akademiki alyşmalaryň mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şolar bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge we iki ýurduň talyplary hem-de mugallymlary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Çehiýanyň uniwersitetleriniň Aşgabatda geçirilen ýarmarkasyna türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, uçurymlary, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy.

Çehiýa tarapyndan çärä ýurduň esasy uniwersitetleriniň, şol sanda Pragadaky Karlow uniwersitetiniň, Himiýa tehnologiýalary uniwersitetiniň, Çehiýanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Zlinedäki Tomaş Bati uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem ýarmarkada akademiki bölümleriň we halkara edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Çehiýada okaýan Merkezi Aziýanyň talyplaryna goldaw berýän «CzechPoint.Uz» agentliginiň wekilleri boldular.
Ýarmarkanyň çäklerinde Çehiýanyň çärä gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň işi giňişleýin beýan edildi. Çehiýanyň uniwersitetleriniň maksatnamalary hem-de daşary ýurtlarda okamagyň geljegi, okuwa girmegiň, okamagyň we Çehiýanyň ýokary okuw mekdeplerindäki talyp durmuşy barada maglumat berildi.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......