Oazisiň jümmüşindäki şäher: Saud Arabystanynda 4400 ýyllyk şäher tapyldy

  • 05.11.2024 16:44
  • 16k+

Saud Arabystanynda ýerleşýän Haýbar oazisinde arheologlar 4400 ýyl mundan ozalky gadymy şäherçäniň galyndylaryny tapdylar. Al-Nata adyny alan bu şäherçe  1,5 gektar meýdany eýeläpdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 2400-nji ýylda bu ýerde 500 töweregi adam ýaşapdyr diýip, Plos One žurnalyndaky makalada aýdylýar.

Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkezinden Guýoma Şarluwyň ýolbaşçylygynda işleýän barlagçylar azyndan 50 sany palçyk jaýyň galyndylaryny, keramikanyň köp sanly böleklerini we ýylmanan daşlary tapdylar. Şäheriň merkezinde iki sany uly bina bolup, dolandyryş jaýy bolup hyzmat eden bolmagy mümkin, günbatarda bolsa täsin basgançakly mazarlary bolan nekropol ýerleşýärdi.
Live Science-iň bellemegine görä, ýazmaça subutnamalaryň ýoklugyna garamazdan, tapylan artefaktlar Al-Natanyň gadymy ýaşaýjylarynyň ösen medeniýetiniň we ýaşaýyş durmuşynyň bolandygyny görkezýär. Şäheriň daşyna  14,5 km uzynlykdaky diwar çekilen, ol ilaty çarwalaryň hüjüminden gorapdyr.
Al-Nata, takmynan, b.e. öňki 1500–1300-nji ýyllarda taşlanypdyr. Şäheriň boşap galmagynyň sebäpleri henizem syr bolup galýar.
Al-Natanyň tapylmagy Arap ýarym adasynyň taryhyna düşünmäge möhüm goşant goşýar. Şol bir wagtda Mesopotamiýada, gadymy Müsürde we Ortaýer deňziniň gündogarynda şäherleri gülläp ösen wagtynda, Arap ýarym adasynda urbanizasiýa has haýal gidipdir. Şarluwyň sözlerine görä, Mesopotamiýada we Müsürde urbanizasiýa miladydan öňki dördünji müňýyllykda başlapdyr, emma Arap ýarym adasynda bu proses diňe b.e. öňki III müňýyllygyň ikinji ýarymynda başlanypdyr. Şonda sebitiň ilatynyň bir bölegi oturymly durmuş ýörelgesine geçipdir we oba hojalygyna has köp bil baglap başlapdyr.


şu gün 19:49
1.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......