OPEK+ ýurtlary ýanwara çenli nebit önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi

  • 05.11.2024 14:40
  • 2.7k+

OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebitiň gazylyp alynmagyny artdyrmazlyk kararyna geldi. Guramanyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýän önümçiligi günde 2,2 mln barrel meýletin azaltmak baradaky şertnama ýene bir aý – dekabr aýynyň ahyryna çenli uzaldyldy.

Ilkibaşda OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň oktýabrynda nebitiň gazylyp alynmagyny günde 180 müň barrel artdyryp, önümçiligiň ösüşini dikeltmegi meýilleşdiripdi, bu 35,782 mln barrel derejä ýetilmegine getirerdi. Ýöne sentýabr aýynda Yrak, Gazagystan we Russiýa ýaly birnäçe ýurt tarapyndan ýylyň ilkinji ýedi aýynda kwotalaryň artdyrylmagy sebäpli çäklendirmeleri ýatyrmagyň möhletini iki aý yza süýşürmek kararyna gelindi.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......