“Harabalykdan çykan millioner” Brodweýde mýuzikl bolar

  • 05.11.2024 13:58
  • 8.4k+

Denni Boýluň “Oskar” baýragyna eýe bolan “Harabalykdan çykan millioner” (Миллионер из трущоб) dramasy mýuzikl görnüşinde Brodweý sahnasyna geçiriler. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Taslama üçin täze aýdymlary asyl filmiň kompozitory A.R.Rahman düzer. Mýuziklde meşhur “Jai Ho” aýdymy-da ýaňlanar. Premýeranyň takyk senesi we aktýorlar düzümi heniz belli däl. Prodýuserleriň hatarynda Brodweýde “Surok gününi” (День сурка) uýgunlaşdyran Ken Dewenport bar.
“Harabalykdan çykan millioner” 2008-nji ýylda ekrana çykdy. Lentanyň sýužeti “Kim millioner bolmak isleýär?” teleoýnunda ýeňişden bir ädim yzda bolan Mumbaýdaky harabalykdan çykan ýetim (Dew Patel) barada gürrüň berýär. Film 278 mln dollar gazandy we sekiz “Oskar” baýragynyň eýesi boldy.


şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......