Şu gün ABŞ-da 60-njy Prezident saýlawlary geçiriler

  • 05.11.2024 13:53
  • 24k+

Şu gün, 5-nji noýabrda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda taryhda 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçiriler.

Ýurtda iň ýokary wezipe ugrunda Demokratik partiýa wekilçilik edýän häzirki wise-prezident Kamala Harris we Respublikan partiýadan dalaşgär, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp göreşýär.
Prezident bilen bir wagtyň özünde wise-prezident hem saýlanýar: demokratlar Minnesotanyň gubernatory Tim Uolzy, respublikanlar bolsa Ogaýodan senator Jeý Di Wensi hödürlediler.
ABŞ-da saýlawlar, adatça, iki basgançakly ulgam boýunça geçirilýär. Ählihalk ses berişliginden soň, ses berişlik 50 ştatyň her birine we Kolumbiýa okrugyna wekilçilik edýän saýlaw wekilleriniň kollegiýasynda dowam edýär. Olar öz sebitleriniň netijelerine görä öz seslerini berýär. Umuman, ulgama 538 saýlaw wekili gatnaşýar, dalaşgäre bolsa ýeňiş gazanmak üçin azyndan 270 ses almak gerek.
ABŞ-da, takmynan, 244 million raýatyň saýlaw hukugy bar. Birnäçe ştat öň saýlawçylara möhletinden ir ses bermek mümkinçiligini hödürledi. Duşenbe güni agşama çenli bu hukukdan 78 milliondan gowrak amerikaly peýdalandy.


şu gün 19:47
167

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......