Saud Arabystanynda gar ýagdy

  • 05.11.2024 10:05
  • 28k+

Çölleriň we düýeleriň mesgeni bolan Saud Arabystanynyň demirgazyk sebitlerinde gar ýagdy. Gar El-Jauf sebitini örtdi we bu ýerli ýaşaýjylar üçin hakyky garaşylmadyk waka boldy. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, gar köp ýagan ýagyşdan we doludan soň geçen çarşenbe güni ýagyp başlady.

Meteorologlar güýçli ygallaryň, şol sanda ýagşyň we dolynyň dowam etjekdigini çaklaýarlar, bu hem ýollaryň görünmegine täsir edip, käbir sebitlerde hereketi kynlaşdyryp biler.
Adaty bolmadyk howa şertleri köp ygala sebäp bolup, daglardan şarlawuklaryň akmagyna getirdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, doly bilen güýçli ýagyş diňe bir El-Jaufa däl-de, eýsem Al-Jafra-da täsir etdi we bu ýerde garyň ýagmagy 2-nji noýabrda-da dowam etdi.  Ygallar netijesinde ýüze çykan daglardan akýan şarlawuklar çöl jülgelerine peýda getirer.
Ýagny, bu howa şertleri topragyň çyglanmagyna ýardam edýär we netijede ýazda bu sebitlerde lawanda, hrizantema we beýleki ýakymly ysly ösümlikler gülleýär. Möwsümleýin meýdan gülleri bilen belli bolan ýerli çöl jülgeleri köp ygal sebäpli hasam ýaýraň gülleýär.
Meteorologlar Saud Arabystanynda garyň peýda bolmagyny kem-kemden Oman tarapa hereket edýän Arap deňzinde pes basyşly ýerleriň giňelmegi bilen düşündirýärler. Bu pes basyşly ýerler özi bilen sebit üçin häsiýetli bolmadyk ygallary we pes temperaturalary getirip, garyň ýagmagyna şert döredýär.


22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9.1k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...