HYYweÖU filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadany geçirer

  • 04.11.2024 22:28
  • 2.1k+

Noýabr aýynyň ikinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti filosofiýa hem-de ykdysadyýet boýunça I halkara olimpiadany geçirer. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Filosofiýa boýunça olimpiada 18-20-nji noýabr aralygynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar iki topara: «A» (islendik hünär boýunça okaýan talyplar) we «B» (filosofiýany we jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenmeýän talyplar) toparlara bölünerler. 
Ykdysadyýet boýunça olimpiada 21-23-nji noýabr aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşyjylar hem edil şonuň ýaly iki: «A» (taýýarlygyň islendik ugurlarynyň talyplary) we «B» (ykdysadyýet, maliýe, menejment we ekonometrika boýunça ýöriteleşmeýän talyplar) toparlara bölünerler.
Olimpiadalara gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Olimpiadalar onlaýn arkaly aýratynlykdaky ýaryşlar görnüşinde bir tapgyrda geçiriler. Bäsleşikleriň dili – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Toparlaryň ikisinde-de ýokary okuw mekdeplerden gatnaşjak bäsleşijileriň sany çäklendirilmeýär.
Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänleriň hasaba alnyşy HYYweÖU-nyň saýtynda 14-nji noýabra çenli hem-de (ykdysadyýet boýunça olimpiada degişli ugur) 15-nji noýabra çenli açykdyr. 
Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler 20 sany test sowallaryny we 5 sany ýumuşlary olimpiadanyň meseleleri hökmünde teklip edip bilerler. Takyk çözgüdi goşulan ýumuşlar olimpiadanyň geçirilýän senesine çenli 20 gün öňünden guramaçylyk toparyna iberilmelidir.
Goşmaça maglumatlary
+993 12 39 85 50,
+993 65 80 99 06 telefon belgilerinde
we 
iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysyndan alyp bolar. 


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......