Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi kiçelmegini dowam edýär: alymlaryň soňky barlaglary

  • 04.11.2024 13:28
  • 11k+

NASA we ABŞ-nyň Ummanlar we atmosfera barlaglary milli müdirliginiň alymlarynyň alan täze maglumatlary 2024-nji ýylda Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň meýdanynyň ep-esli kiçelendigini görkezýär diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

Güýzüň birinji ýarymynda geçirilen ölçeglere görä, ozon deşiginiň iň uly meýdany 22,4 million inedördül kilometre barabardyr. Bu 1992-nji ýyldan bäri iň pes ýedinji dereje boldy.
Onuň 1987-nji ýylda kabul edilen halkara şertnamasynyň Monreal teswirnamasynyň täsiri bilen baglanyşyklydyr. Onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde, hloroflorokarbonlar ýaly ozon gatlagyny ýoklaýan himiki serişdeleri ulanmak boýunça çäklendirmeler girizildi.
Şondan bäri hemra ölçegleri ozon gatlagynyň kem-kemden dikelýändigini görkezýär.
Hünärmenler ozonyň has demirgazyk sebitlerden hereketiniň Antarktidadaky konsentrasiýasyny dikeltmäge kömek edýändigini bellediler.
Çaklamalara görä, häzirki tendensiýa dowam etse, 2066-njy ýyla çenli ozon deşigi düýbünden ýok bolup biler.


şu gün 10:12
1.7k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi...

27.03.2025 15:12
13k+

Antarktidada bölünip aýrylan aýsbergiň aşagynda ýaşaýyş ýüze çykaryldy

Halkara alymlar topary Antarktidadaky Georg VI şelf buzlugyndan ägirt uly A-84 aýsbergi bölünip aýrylandan soň, ilkinji gezek boşap galan deňiz düýbüni öwrendi. Buzlugyň astynda baý ekoulgam ýüze çykaryldy. Ylmy...

09.03.2025 21:33
8.6k+

Ozon gatlagyndaky deşik 2035-nji ýyla çenli doly ýapylyp biler

Amerikaly alymlar ozon gatlagynyň Antarktidanyň üstündäki böleginiň dikeliş prosesini öwrenmek üçin barlaglary geçirdiler. Olar soňky 15 ýylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary öňki çaklamalar...

22.02.2025 07:11
11k+

Ýeriň polýuslaryndaky buzlaryň eremegi taryhy derejä ýetdi

ABŞ-nyň Gar we buz boýunça milli maglumat merkeziniň (NSIDC) berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralyna çenli Arktikada we Antarktikada deňiz buzlarynyň umumy meýdany rekord derejä – 15,76 million...