2030-njy ýyla çenli generatiw emeli aň pudagy millionlarça tonna elektron galyndylaryny öndürip biler

  • 04.11.2024 12:36
  • 3.4k+

Nature Computational Science žurnalynda neşir edilen täze ylmy gözleg generatiw emeli aň pudagynyň ösmeginiň çynlakaý ekologiýa netijeleri barada duýdurýar diýip, Techxplore ýazýar.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Şäher gurşawy institutynyň we Ysraýyldaky Raýhman uniwersitetiniň alymlary generatiw emeli aň programmalaryna bolan islegiň ýokarlanmagy sebäpli ýakyn ýyllarda öndürilip bilinjek elektron galyndylarynyň möçberini hasapladylar.
Ylmy gözlegiň awtorlarynyň belleýşi ýaly, ChatGPT ýaly programmalar uly hasaplaýyş çeşmelerini talap edýär we munuň üçin maglumat merkezlerinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen grafiki prosessorlar ulanylýar. Bu çeşmeler ýyl geçdigisaýyn könelip, gaýtadan işlemek kyn bolan çap platalary we batareýalar ýaly galyndylary döredýär.

“Eger häzirki tendensiýalar dowam etse, emeli aň pudagy 2030-njy ýyla çenli 1,2-den 5,0 mln tonna çenli elektron galyndyny öndürip biler” – diýlip, ylmy gözlegde aýdylýar.

Hünärmenler generatiw emeli aňyň işlemegi üçin zerur enjamlaryň sanyny, onuň düzüm bölekleriniň ortaça işleýiş möhletini we maglumatlar merkezleriniň sanyny hasapladylar. Bu maglumatlara esaslanan kompýuter modeli generatiw emeli aňdan elektron galyndylarynyň ýyllyk önümçiliginiň 2023-nji ýylda 2,6 müň tonnadan onýyllygyň ahyryna çenli 2,5 mln tonna çenli ýokarlanyp biljekdigini görkezdi.

“Biziň netijelerimiz emeli aň pudagynda ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň zerurlygyny nygtaýar. Enjamlaryň gaýtadan işlenmegi diňe bir galyndylaryň möçberini azaltman, eýsem täze enjamlary öndürmek üçin çeşmelere bolan zerurlygy azaldar” diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, doktor Li Wan belleýär.

Şeýle-de, hünärmenler tehnologiýalaryň ýaşaýyş sikliniň ekologiýa taraplaryny, şol sanda olaryň önümçiligini we gaýtadan işlenmegini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belleýär.

“Diňe şeýle çemeleşmede daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsiri azaldyp bolar” – diýip, doktor Wan sözüniň üstüni ýetirýär.


düýn 20:16
1.5k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....