Ford F-150 Lightning elektropikabynyň önümçiligini ýedi hepdelik bes eder

  • 04.11.2024 10:58
  • 3.1k+

Amerikanyň “Ford Motor” kompaniýasy elektrohereketlendirijili F-150 “Lightning” pikabynyň önümçiligini ýedi hepdelik bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada CNBC habarlar gullugy habar berdi.

Önümçiligiň togtadylmagynyň sebäbi - meşhur pikaba bolan isleg garaşylyşyndan pes boldy, bu bolsa ammarlarda ätiýaçlyklaryň artyp gitmegine getirdi.
Ford öz beýanatynda: "Satuwyň ösüşini we düşewüntliligini optimal deňleşdirmek üçin önümçiligi sazlamagy dowam etdirýäris" diýip belleýär.
Detroýt şäheriniň golaýynda ýerleşýän Rouge Electric Vehicle Center zawody 18-nji noýabrdan 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli önümçiligini togtadar. Bu döwürde sagatlaýyn iş hakly, takmynan, 730 işgär işden boşadylar.
Çeşmäniň habarynda F-150 “Lightning” modeliniň satuwynyň şu ýyl 86% ýokarlanandygy aýdylýar. Muňa garamazdan, Ford dilerlere uly möçberde arzanlaşyklary berýändigi sebäpli ulaglaryny zyýanyna satmagyny dowam edýär diýip, interfax.ru ýazýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....