Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 03.11.2024 08:47
  • 6.4k+

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Maslahata döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Maslahata gatnaşyjylar netijeli dialogyň, ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ýollaryny gözlemegiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň esasy bolup durýandygyny bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar bu ulgamyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, türkmen manadynyň töleg serişdesi hökmünde işjeň dolanyşygyny üpjün etmegiň, iri dünýä banklarynyň tejribesini özleşdirmegiň, maliýe ulgamynda halkara dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Şanly sene mynasybetli “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň eýwanynda sergi guraldy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik teňňeler, milli şaý-sepler görkezildi.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....