Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

  • 03.11.2024 08:17
  • 17k+

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar.

Global petrol Prices (GPP) portalynyň täzelenen reýtingine görä, Türkmenistan global sanawda 7-nji orny eýeleýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda dizel ýangyjynyň bahasy bir litr üçin 0,286 dollara barabar.
Bütin dünýäde iň arzan dizel ýangyjyny Wenesuelada tapmak bolýar – bir litr üçin bary-ýogy 0,004 dollar, iň gymmat dizel ýangyjy bolsa Gonkongda bolup, bu ýerde bir litr üçin 3,185 dollar tölemeli.
Türkmenistanda ýokary hilli nebit we nebit önümleri dünýäde öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň biri bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýär. Bu toplumyň önümleri Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogara eksport edilýär.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...