“Kalmar oýnunyň” 2-nji möwsüminiň tizeri çykdy: oňa eýýäm 12 mln gezek tomaşa edildi

  • 03.11.2024 07:39
  • 6.5k+

Lucca Comics & Games çäresinde meşhur “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) serialynyň ikinji möwsüminiň tizeri hödürlendi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, täze möwsüm şu ýylyň 26-njy dekabrynda çykar.

Netflix tarapyndan YouTube-da ýerleşdirilen wideo eýýäm 12 milliondan gowrak tomaşa ýygnady.
Tizere görä, täze möwsüm baş gahryman Gi Hunyň wakasyny dowam etdirýär, onuň keşbini ýene Li Jonje ýerine ýetirýär. Üç ýyldan soň ol ölüm howply oýnuň soňuna çykmak üçin oňa gaýdyp gelmek kararyna gelýär. Bu gezek Gi Hun “has taýýarlykly we tutanýerli”, ýöne oýundaky täze ýoldaşlaryny dolandyrmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Resmi beýana görä, Gi Hun gatnaşyjylara abanýan howp barada duýdurýar, ýöne onuň duýduryşlaryna ähmiýet berilmeýär we dartgynlylyk barha artýar.
Öň, aktýorlar düzümine Im Şi-wanyň, Kan Ha-nylyň, Pak Son-hunyň we Ýan Dog-gynyň goşulýandygy belli boldy. Serialyň üç möwsümini döretmek meýilleşdirilýär we ahyrky möwsüm 2025-nji ýylda çykar.
2021-nji ýylda hödürlenen ilkinji möwsüm millionlarça tomaşaçyny özüne çekip, Netflix-de iň meşhur iňlis dilli däl serial boldy. Mundan başga-da, ol 14 kategoriýada “Emmi” baýragyna hödürlendi we alty baýrak gazandy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......