Microsoft 30 dollara Windows 10-y ýene bir ýyl ulanmak mümkinçiligini hödürleýär

  • 02.11.2024 20:58
  • 1.8k+

Microsoft kompaniýasy indiki ýyl Windows 10-y goldamagyny bes eder. Belli bolşy ýaly, bu ähli operasion ulgamlaryň arasynda iň meşhur wersiýa we şonuň üçin kompaniýa isleg bildirýänlere goşmaça goldawy satmak kararyna geldi.

Sarp edijiler Windows 10-y ýene birnäçe wagt ulanmaga mümkinçilik berýän giňeldilen goldaw (Extended Security Updates; ESU) bilen täzelenme üçin 30 dollar töläp biler. Bu mukdar bilen ulanyjylar bir ýylyň içinde möhüm howpsuzlyk täzelenmelerini, esasanam, Windows 10 ulgamly şahsy kompýuterleri islendik gowşaklykdan goramagy dowam etdirjek howpsuzlyk düzedişlerini alar. Ýöne şeýle goldawy ýene uzaltmak mümkinçiligi bolmazdan diňe bir ýyllyk satyn alyp bolýar.
Ýatlap geçsek, OS goldawy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanýar, ýagny goşmaça goldawy 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryna çenli satyn alyp bolar.
Bu teklip, esasan, korporatiw segmente gönükdirilendir.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...