“Ashgabat Open 2024”: Türkmen paýtagty tennis boýunça halkara ýaryşy kabul eder

  • 02.11.2024 10:00
  • 5.1k+

8 — 17-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşa görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ýaryşa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň, umumylykda, 12 döwletiň 70 sany türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......