Günde iň ýokary - X2.0 derejesindäki alawlama hasaba alyndy: ol Ýere nähili täsir eder?

  • 01.11.2024 21:39
  • 6.3k+

Günde iň ýokary klasa degişli edilýän X2.0 derejesindäki alawlama hasaba alyndy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Alawlama güýçli magnit tupanlaryna getiren öňki wakalardan belli bolan 3878 işjeň zolagynda ýüze çykdy.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, alawlamanyň şöhle goýbermeginiň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 02:20-de Ýeriň orbitasynyň golaýynda hasaba alyndy. Şeýle güýçli alawlama Ýere ýetip, magnit hadysalaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylaryna sebäp bolup bilýär.
Hünärmenler alawlamadan Ýere tarap esasy zarbanyň bolmajakdygyny, sebäbi partlama zolagynyň planeta, takmynan, 30 gradus burçda ýerleşendigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, magnit tupanlarynyň bolmak ähtimallygy saklanýar. Hünärmenler hut şu işjeň zolagyň üç hepde mundan ozal X1.8 derejeli partlamadan ikinji iň güýçli magnit tupanyny döredendigini ýatlap geçdiler.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...