2025-nji ýylyň “Altyn topuny” kim alar: Goal dalaşgärleriň ilkinji reýtingini hödürledi

  • 01.11.2024 12:06
  • 15k+

Futbol habarlary boýunça iň iri saýtlaryň biri bolan Goal.com 2025-nji ýylyň jemi boýunça “Altyn top” baýragyny almaga mümkinçiligi uly bolan 15 futbolçynyň reýtingini hödürledi. Bu sanawda Kataloniýanyň “Barselonasynyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda “Barselonanyň” ýene bir zehinli oýunçysy Lamin Ýamal ýerleşýär.

Saýt tarapyndan düzülen reýtingiň doly görnüşi şeýle:

  1. Robert Lewandowski (“Barselona”)
  2. Lamin Ýamal (“Barselona”)
  3. Winisius Žunior (Madridiň “Realy”)
  4. Erling Holand (“Mançester Siti”)
  5. Rafinýa (“Barselona”)
  6. Garri Keýn (“Bawariýa”)
  7. Mohamed Salah (“Liwerpul”)
  8. Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”)
  9. Pedri (“Barselona”)
  10. Bukaýo Saka (Londonyň “Arsenaly”)
  11. Florian Wirs (“Baýer”)
  12. Koul Palmer (“Çelsi”)
  13. Kristian Pulişiç (“Milan”)
  14. Maýkl Olise (“Bawariýa”)
  15. Jamal Musiala (“Bawariýa”)

Ýatlap geçsek, 2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça “Altyn top” baýragyny Rodri aldy. Baýrak üçin ses berişlikde ikinji orny Madridiň “Realynyň” braziliýaly oýunçysy Winisius Žunior eýeledi. Onuň topardaşy Jud Bellingem bolsa üçünji boldy.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......