Ispaniýaly ýarymgoragçy Rodri "Altyn top" baýragynyň eýesi boldy

  • 29.10.2024 10:59
  • 9.9k+

“Mançester Sitiniň" we Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Rodri ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan “Altyn top” (erkekleriň arasynda) baýragyny aldy.  Bu barada France Football žurnalynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär diýip, lenta.ru ýazýar.

2024-nji ýyl üçin baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Fransiýanyň Pariž şäherindäki Şatle teatrynda geçirildi. Ýarymgoragça baýragy afrikaly "Altyn topuň" eýesi we Liberiýanyň öňki prezidenti Jorj Bea gowşurdy.
28 ýaşly Rodri 2023/2024 möwsüminde Angliýa çempionatynda we UEFA Super kubogynda "Mançester Siti" bilen ýeňiji bolup, Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen hem Ýewropa çempiony boldy.  Mundan başga-da, futbolçy 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Soňky Ýewro oýnunda Ispaniýa Angliýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Ispaniýa taryhda dördünji gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.


şu gün 12:39
1.5k+

“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. “Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar...

şu gün 12:37
2k+

Modriç “Bernabeu” stadionynda “Real” üçin hoşlaşyk oýnuny geçirer

39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň Madridiň “Realyny” terk edýändigini habar berdi. Ol bu barada sosial ulgamlarda ýerleşdiren hoşlaşyk hatynda aýtdy. “Realyň” gadyrly janköýerleri, wagt geldi...

şu gün 12:31
3.2k+

Lionel Messi karýerasynda iň gowy görýän goluny aýtdy: ol ony kelle bilen saldy

“Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi 2008/2009 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goluny karýerasynda iň gowy görýän goly hasaplaýandygyny aýtdy...

düýn 23:58
3.5k+

FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady

ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär...