“Barselona” Rafinýa bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 23.05.2025 12:39
  • 6.1k+

“Barselona” braziliýaly hüjümçi Rafinýa bilen şertnamanyň möhletiniň 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi.

Öňki şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi.

“Zehin we oýna gowy düşünmek onuň doly güýjüni siňdirmek we her gün agyr işi ýerine ýetirmek ukyby bilen utgaşýar. Özüne talapkär we özüni tankytlap bilýän Rafinýa täze belentliklere ýetdi we klub onuň bilen hyzmatdaşlygy azyndan 2028-nji ýyla çenli dowam etdirer” – diýip, klubuň resmi saýtyndaky beýanda aýdylýar.

Şertnamanyň maliýe taraplary barada maglumat berilmeýär.

“Meniň arzuwym karýeramyň ahyryna çenli “Barsada” galmak” – diýip, futbolçynyň özi belledi.

28 ýaşly Rafinýa 2022-nji ýylyň iýul aýynda “Lidsden” “Barselona” geçdi. Häzirki möwsümde ol ähli ýaryşlarda 56 oýna gatnaşyp, 34 gol geçirdi we 25 assist etdi. “Barsanyň” düzüminde iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we iki gezek Superkubogyny utdy.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Rafinýanyň bazar bahasy 80 mln ýewro.


düýn 15:58
8.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......