Mýanmada bolup geçen ýertitremede ýer gabygynyň süýşýän pursady ilkinji gezek wideo düşürildi

  • 15.05.2025 17:47
  • 22k+

Ylym jemgyýetinde uly gyzyklanma döreden wideodaky haýran galdyryjy pursat giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzalan wideoda, Mýanmada bolup geçen güýçli ýertitremesi mahaly ýer gabygynyň hereket edişi aýdyň görünýär. Bu wideo şeýle görnüşli tebigy hadysanyň ilkinji wideo ýazgysy bolup durýar.

Wideo 2025-nji ýylyň 28-nji martynda düşürildi. Ol «GP Energy Myanmar» kompaniýasynyň «Thapyawa» gün stansiýasynyň territoriýasynda ýazga geçirildi. Bu ýer Mýanmanyň Mandalaý welaýatyndaky Ta Pýey Wa etrabynyň Tazi şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Agzalan wideony singapurly inžener Htin Aung Facebook sosial torunda paýlaşdy.

Wideoda demir derwezeleriň silkelenýändigi görnüp dur, şeýle-de 14 sekuntdan soň, ýol bilen howlynyň arasynda giňligi 5-7 metr bolan çuň ýaryk emele gelýär. Topragyň ýarylmagy tektoniki üýtgeşmeleriň näderejede howpludygyny we güýçlüdigini görkezýär.

«Meniň bilşime görä, bu kadrlar güýçli ýertitremesi mahaly, ýeriň ýarylyşyny iň aýdyň görkezýän ýazgy» — diýip, Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň seýsmology Jon Widale aýtdy.

Ýazgy howpsuzlyk kamerasy bilen düşürilipdir. Hünärmenler bu wideony ýer gabygynyň seýsmiki işjeňlik ýagdaýyndaky hereketlerini öwrenmek üçin örän möhüm maglumat hasaplaýarlar. Sagaing ýarygy tutuş ýurt boýunça, takmynan, 1200 kilometre çenli uzalyp gidýär.

Hemra maglumatlaryna görä, ýertitremeden soň, ýer gabygynda 500 kilometre çenli uzalyp gidýän süýşmeler ýüze çykypdyr. Käbir ýerlerde bu süýşmeler 6 metre ýetipdir.

Mýanmada bolup geçen 7,9 magnitudaly ýertitreme agyr netijelere getirdi: 5500-den gowrak adam heläk boldy, takmynan, 5000 adam bolsa ýaralandy. Titremeler goňşy ýurt Tailandda hem duýuldy, emma ýertitremäniň episentri ýazgynyň düşürilen ýerinden demirgazykda, Mandalaýyň golaýynda ýerleşýärdi. Ýurtdaky syýasy durnuksyzlyk we ynsanperwer kömekleriň çäkliligi halas ediş işlerini kynlaşdyrdy.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....