Uçýan köşk: Trampyň täze hususy uçary nähili?

  • 18.05.2025 16:34
  • 26k+

«Daily Mail» britan neşiri «Boeing 747» kysymly uçaryň suratlaryny çap etdi. Metbugat maglumatlaryna görä, bu uçary Kataryň patyşa maşgalasy Donald Trampyň administrasiýasyna sowgat hökmünde beripdir. Bahasy 400 million dollar bolan uçar eýýämden «uçýan köşk» diýip atlandyrylyp başlandy.

Bu uçar ozal «Qatar Airways» awiakompaniýasynyň patyşa maşgalasyna we ýokary wezipeli ýolbaşçylara hyzmat edýän bölümi tarapyndan ulanylypdyr. Indi bolsa, «Boeing» korporasiýasynyň täze prezidentlik uçaryny wagtynda taýýar edip bilmeýändigi üçin, ol wagtlaýynça «Air Force One» uçarynyň deregine ulanylar.
Tramp sowgat edilen uçary täze amerikan uçarynyň gurluşygy tamamlanýança ulanjakdygyny aýtdy. ABŞ-nyň prezidenti üçin niýetlenen uçaryň, ilkibaşda, 2024-nji ýylda taýýar bolmagyna garaşylýardy, emma bu möhlet soň 2027-nji ýyla süýşürildi. Şeýle hem «Boeing» korporasiýasynyň bu uçary Trampyň 2028-nji ýylda wezipesinden gitmezinden öň taýýar edip ýetişmezligi-de mümkin diýen aladalar bar.

Sebäbi, «Air Force One» – örän çylşyrymly tehnika. Daşyndan adaty ýolagçy uçaryna meňzese-de, aslynda, ol zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, hatda ýadro urşy wagtynda hem, goşuna ýolbaşçylyk edip boljak derejede enjamlaşdyrylan uçýan galadyr.
Kataryň patyşa maşgalasy tarapyndan sowgat berlen uçar «Air Force One» üçin zerur talaplara laýyk gelmeýär. Bilermenleriň sözlerine görä, bu uçary tutuş diýen ýaly söküp, täzeden ýygnamaly, üstesine-de ençeme howpsuzlyk, aragatnaşyk we beýleki ulgamlary ornaşdyrmaly. Munuň üçin bolsa, bir ýyldan gowrak wagt we milliardlarça dollar gerek. ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň iň uly potratçylaryndan biri bolan «L3Harris» kompaniýasy bu iş üçin eýýäm degişli şertnamany alypdyr. Şeýle-de bolsa, Tramp, ähtimal, prezidentlik döwründe, bu «boingde» uçup ýetişmez.

«Boeing 747-8» kysymly uçar 90 ýolagçy we 14 adamlyk ekipaž üçin niýetlenendir. Uçarda esasy we myhmanlar üçin ýatylýan otaglar, iki sany doly hammam, dokuz sany kiçi hajathana, bäş sany kiçi aşhana, şahsy iş otagy we konferensiýa zaly bar. Ýokarky gatda VIP myhmanlar üçin goşmaça biznes-klas orunlar we dynç alyş ýerleri bar.
Uçaryň salony «Alberto Pinto Cabinet» fransuz studiýasy tarapyndan dizaýn edilipdir. Interýeri baý bezegli otaglar, kaýutalar, zallar we aşhanalar bilen doldurylypdyr. Uçaryň her bir otagynda diýen ýaly gymmat bahaly ýumşak halylar we altynsöw mebeller bar. Ýakyn wagtda uçara uly diwanlar, agaç paneller, 40-dan gowrak telewizor, şol sanda 10 sany uly ekran, internet, telewideniýe we 13 sany Blu-ray pleýer ýerleşdiriler.

Uçaryň basgançaklar bilen birleşdirilen iki gatly gurluşynda jemi bäş sany garaşylýan zal bar. 460 ýolagça niýetlenen adaty «Boeing 747» uçaryndan tapawutlylykda, bu uçar VIP rahatlygy üçin tutuş täzeden enjamlaşdyrylypdyr.
Uçar Şweýsariýanyň «AMAC Aerospace» kompaniýasy tarapyndan döwrebaplaşdyrylypdyr. Döwrebaplaşdyryş işleri iki ýyldan gowrak wagta çekipdir.






düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......