Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy

  • 20.05.2025 10:42
  • 15k+

Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň Sarri şäheriniň ýaşaýjysy Simporios ýeňiş getiren biledi «Walmart» söwda merkezinden satyn alypdyr. Jastin lotoreýanyň netijesini 9-njy maý gijesi, hemmeler uklap ýatan wagty bilipdir. Ol bu habary aýalyna aýtmak üçin ony oýarypdyr, emma ol ýarym ukuda, ilkibaşda, onuň näme diýýändigine düşünmändir.

«Şol wagt sagat 22:30-dy. Aýalymy oýaryp, oňa Sarride biri 80 million dollar utupdyr diýip, degişdim. Soňam gülüp „Biz millioner!“ diýdim. Olam maňa oýun etme diýdi. Lotoreýanyň biledini skan etmänkäm, her bir belgisini öz elim bilen barladym. Begenjime „Biz millioner!“ diýip gygyranymy duýman galaýypdyryn. Aýalym muňa başda ynanmady, hatda biraz gaharam geldi, sebäbi şol wagtlar gyzymyz özüni gowy duýmaýardy» — diýip, Simporios gürrüň berdi.

Jastin aýal doganynyň talyp karzyny üzmek we ejesiniň ir pensiýa çykmagyna kömek etmegi meýilleşdirýär. Ýakyn dogan-garyndaşlaryna goldaw bermek bilen bir hatarda, Simporios ýaşaýan şäherine – Sarriniň jemgyýetine hem haýyr-sahawat kömegini bermegi meýilleşdirýär. Şeýle-de sport karýerasy tamamlanmazdan ozal, halaýan basketbolçysy Lebron Jeýmsiň oýnuna gitmek arzuwy bar. Simporios aslynyň filippinlidigini aýdyp, heniz baryp görmedik watanyna aýaly we çagasy bilen gitmek isleýändigini hem belläp geçdi.

«Indi men aýalyma we maşgalama has köp wagt sarp edip bilerin, esasy üýtgeşiklik şol bolar. Daş-töweregimizdäki jemgyýete peýdaly bolup ýaşarys» — diýip, Simporios aýtdy.


18.03.2026 16:49
6.8k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

12.03.2026 23:05
8.7k+

Torontoda 10 gatly jaýyň beýikligindäki zäherli gar daglary emele geldi

«Kanadanyň Toronto şäherinde howply ekologik ýagdaý ýüze çykdy. Gyşyň dowamynda köçelerden çykarylan äpet gar topbagy daşky gurşawa zyýan ýetirmek howpuny salýar» diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Ýanwar aýynda şähere bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 58 santimetr ýagyn düşüp, rekord derejedäki gar hasaba alyndy...

15.12.2025 09:00
14k+

Kanadada lotereýada 1 mln dollar utan gyz baýraga derek ömrüniň ahyryna çenli her hepde 1000 dollar almagy saýlady

Brenda atly kanadaly ýaşaýjy Kwebek welaýatynda 1 mln dollarlyk (Kanada dollary bolup biler) lotereýa utdy. Ýöne bir gezeklik tölegiň deregine 20 ýaşly gyz ömrüniň ahyryna çenli her hepde 1000 dollar almagy makul bildi...

12.10.2025 23:56
12k+

Kanadanyň suwlarynda rekord derejede uzynlykda erkek ak akula göründi

Kanadanyň kenarlarynda rekord ululykda erkek ak akula göründi diýip, CTV teleýaýlymy habar berdi. Ocearch gözleg guramasynyň maglumatlaryna görä, bu häzire çenli Atlantikde adam tarapyndan hasaba alnan bu görnüşiň iň uly wekili boldy...