Messi IFFHS tarapyndan futbol taryhynda iň gowy futbolçy saýlandy, Ronaldu üçlükde ýok

  • 18.05.2025 23:02
  • 17k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan futbol taryhynda iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi.

IFFHS boýunça taryhda iň gowy 10 futbolçy:

  1. Lionel Messi (Argentina)
  2. Pele (Braziliýa)
  3. Diego Maradona (Argentina)
  4. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa)
  5. Ýohan Kruiff (Niderlandlar)
  6. Ronaldo (Braziliýa)
  7. Zinedin Zidan (Fransiýa)
  8. Frans Bekkenbauer (Germaniýa)
  9. Alfredo Di Stefano (Argentina/Ispaniýa)
  10. Ronaldinýo (Braziliýa)

Messi “Altyn topuň” sekiz gezek eýesidir. Ol “Barselonanyň” düzüminde Çempionlar ligasynda dört gezek ýeňiji boldy. Şeýle-de, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy (2022) we Amerikanyň Kubogynda iki gezek ýeňiş gazandy (2021, 2024). Ol 2008-nji ýylyň Olimpiadasynyň hem ýeňijisidir.
Sanawda ikinji orny eýelän braziliýaly Pele – taryhda oýunçy hökmünde üç gezek dünýä çempiony bolan (1958, 1962 we 1970-nji ýyllar) ýeke-täk futbolçy. Ol futbol taryhynda iň köp gol geçiren türgendir – 1281.
Täze sanawda üçlügi meşhur argentinaly Diego Armando Maradona jemleýär. Ol 1986-njy ýylyň dünýä çempiony we dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy gol diýlip ykrar edilen “Ýüzýyllygyň golunyň” awtorydyr. Bu goly ol DÇ-1986-da Angliýanyň derwezesine girizdi.
Ronaldu “Altyn topy” bäş gezek aldy. Ol 2016-njy ýylda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.


düýn 15:58
8.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......