Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy

  • 16.05.2025 16:59
  • 18k+

Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar. Olaryň arasynda kriptowalýutalar we daşary ýurt maýa goýumlary bar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, maşgala häzirki wagtda $TRUMP atly kriptowalýutadan girdeji gazanýar. Onuň bir tokeniniň bahasy, takmynan, 13 dollar. Bu kriptowalýutany satyn alan adamlar Ak Tama syýahat etmäge hukuk gazanýarlar. Trampyň maşgalasynyň kripto serişdelerini dolandyrýan «World Liberty Financial» kompaniýasyna Birleşen Arap Emirlikleri eýýäm 2 milliard dollar maýa goýdy. Şol serişdelerden her ýyl onlarça million dollar girdeji gazanylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem Katar Trampyň maşgalasynyň biznesi bilen baglylykda, 5,5 milliard dollarlyk golf meýdançasynyň we ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna maýa goýýar. Saud Arabystanyndan bir kompaniýa bolsa, Dubaýda «Trump International» myhmanhanasyny we beýleki desgalary gurmak üçin, 1 milliard dollar maýa goýdy.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......