Lionel Messi karýerasynda iň gowy görýän goluny aýtdy: ol ony kelle bilen saldy

  • 23.05.2025 12:31
  • 14k+

“Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi 2008/2009 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goluny karýerasynda iň gowy görýän goly hasaplaýandygyny aýtdy. Oýun ispan toparynyň 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

“Men, ähtimal, has owadan we gymmatly bolup biljek köp goly geçirdim, ýöne Çempionlar ligasynyň “Mançester Ýunaýted” bilen final oýnundaky kelle bilen salan golum hemişe gowy görýänimdi” – diýip, argentinaly foxsportsasia.com bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Futbolçy Edwin wan der Saryň goran derwezesine 70-nji minutda gol geçirdi. Şol duşuşykda birinji goly oýnuň 10-njy minutynda Samuel Eto’O girizipdi.

“Şol wagt men kelle bilen geçirerin diýip göz öňüne getirmek kyndy – ýanymda Rio Ferdinand bardy, ýöne meni hiç kim saklamady. Oýun merkeze geldi we men ony almak üçin şol ýere bardym. Hawi topy bereninden soň, ol howada wagty men ony nädip derwezä gönükdirýändigimi göz öňüne getirdim we Hudaýa şükür, men muny başardym. Bu hemmetaraplaýyn – hem topar üçin, hem meniň üçin iň möhüm we gowy görýän golum boldy” – diýip, Messi aýtdy.

Şeýle-de, ol 2006-njy ýylda şikes sebäpli Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşyp bilmändigini, şonuň üçin 2009-njy ýylyň aýgytly oýnuna gatnaşmagyň we geçirilen goluň özi üçin aýratyn ähmiýetli bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Bu gol biziň mümkin bolan ähli zady gazanan ajaýyp möwsümimizi jemledi” – diýip, futbolçy belledi.

Şol möwsümde “Barselona” baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda Çempionlar ligasyndan başga-da, Ispaniýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy. 


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....