AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

  • 15.05.2025 21:50
  • 13k+

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ilkinji kubogyny gazanan «Arkadag» futbol klubuny gutlady. Bu barada konfederasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş Ligasynda taryhy ýeňşi bilen gutlaýaryn. Şeýle hem klublarynyň yklym derejesinde üstünlik gazanmagy üçin döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny we Kambojanyň Futbol federasiýasyny aýratyn bellemek isleýärin» diýlip, futbol ýolbaşçysynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýh Salman bu ýaryşyň ilkinji tapgyrynyň üstünlikli geçirilmegine goşant goşan 18 kluba, milli assosiasiýalara hem-de toparlaýyn tapgyry kabul eden bäş ýurda minnetdarlyk bildirdi.

«Bu täze taryhy sahypa, toparlaýyn tapgyryň myhmansöýer kabul edijileriniň berk goldawy bolmazdan ýazylmazdy. Men ähli myhman kabul edenlere, şeýle hem başyndan ahyryna çenli sahnanyň aňyrsynda işlän ähli adamlara AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ýatdan çykmajak möwsümi üpjün eden agzybirlikleri üçin alkyş aýdýaryn. Bu üstünlik bize geljekde has belent sepgitlere ýetmegiň binýadyny döreder» diýip, AFK-nyň ýolbaşçysy belledi.

Ýatlap geçsek, final duşuşygynda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» kluby Kambojanyň «Swaý Rieng» klubuny 2:1 hasaby bilen utdy. Oýun Pnompendäki «Morodok Teço» stadionynda 51 600 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Finalyň öňüsyrasynda düzüminde braziliýaly legionerleri bolan «Swaý Rieng» ýeňşe ýakyn hasaplanýardy. Galyberse-de, duşuşyk olaryň öz meýdançasynda geçirildi. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň çempiony goşmaça wagtda ýeňiş gazanyp bildi.


düýn 15:52
5.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
3.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
9.3k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......