Modriç “Bernabeu” stadionynda “Real” üçin hoşlaşyk oýnuny geçirer

  • 23.05.2025 12:37
  • 8.8k+

39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň Madridiň “Realyny” terk edýändigini habar berdi. Ol bu barada sosial ulgamlarda ýerleşdiren hoşlaşyk hatynda aýtdy.

“Realyň” gadyrly janköýerleri, wagt geldi. Meniň hiç haçan islemedik pursatym geldi, ýöne bu futbol… Şenbe güni men “Santýago Bernabeuda” soňky oýnumy oýnaryn” – diýip, ol ýazdy.

Modriç 2012-nji ýyldan, kluba gelen pursatyndan bäri dünýäniň iň gowy topary üçin oýnamagy arzuw edendigini, ýöne özi üçin nämeleriň garaşýandygyny göz öňüne-de getirip bilmändigini belledi. Ol prezident Florentino Perese, ýoldaşlaryna, tälimçilere we özüni goldan her bir adama minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de, ol bu döwürde iň gowy pursatlary başdan geçirip, klub bilen ähli zady gazanandygyny we özüni örän bagtly duýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Real” hem şenbe güni, häzirki La Liga ýaryşynyň jemleýji oýnunyň Modriç üçin öý stadionynda iň soňky boljakdygyny tassyklady.
“Real” klubumyzyň we dünýä futbolynyň iň beýik oýunçylarynyň birine minnetdarlygyny we mähirini bildirýär. “Real” Luka Modriçe we onuň maşgalasyna durmuşynyň täze tapgyrynda ähli gowulyklary arzuw edýär” – diýip, “patyşalyk klubunyň” beýanynda aýdylýar.
“Modriç” “Reala” 2012-nji ýylda “Tottenhemden” geçdi. Klubuň düzüminde 590 oýna gatnaşyp, 43 gol geçirdi we 95 assist etdi. Ol alty gezek Çempionlar ligasyny, dört gezek Ispaniýanyň çempionatyny, iki gezek ýurduň Kubogyny we bäş gezek Superkubogyny utdy. 2018-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....