Marvel 2025-nji ýyla meýilleşdirilen seriallarynyň senesini mälim etdi

  • 01.11.2024 11:44
  • 4.3k+

Disney 2025-nji ýylda Disney+-da çykmagy meýilleşdirilýän Marvel Studios seriallarynyň treýlerini hödürledi.

Wideoda Toni Starkyň yzyny dowam etdiriji Riri Uilýams baradaky “Demir ýürek” serialyndan kadrlar, Möý adam baradaky multserialdan we beýlekilerden bölekler görkezildi.
Riri Uilýams baradaky serial 2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda, “Dostlukly goňşyňyz Möý adam” bolsa 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykar.
2025-nji ýylda Marvel Studios premýeralarynyň seneleri

  • “Täsin adam” («Чудо-человек») – 2025-nji ýylyň dekabry;
  • “Marvel zombileri” («Зомби Marvel») – 2025-nji ýylyň oktýabry;
  • “Wakandanyň gözleri” («Очи Ваканды») – 2025-nji ýylyň 6-njy awgusty;
  • “Demir ýürek” («Железное сердце») – 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny;
  • “Gözsüz batyr: Gaýtadan dünýä inen” («Сорвиголова: Рождённый заново») – 2025-nji ýylyň 4-nji marty;
  • “Dostlukly goňşyňyz Möý adam” («Ваш дружелюбный сосед Человек-паук») – 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwary;
  • “A, eger?..”, («Что, если?..») üçünji möwsüm – 22-nji dekabr.

şu gün 20:14
1.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 11:08
2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.7k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......