LiuGong gurluşyk tehnikalarynyň Türkmenistandaky dileri «Yhlas Kagyz» HK sergide tehnikalary görkezer

  • 01.11.2024 11:30
  • 9.9k+

LiuGong gurluşyk tehnikalaryny we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenistanda resmi taýdan hödürleýän «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy Aşgabatda geçiriljek sergide tehnikalary hem-de hyzmatlary bilen tanyşmaga çagyrýar. Sergi 3–5-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasynda geçiriler.

2010-njy ýyldan bäri LiuGong tehnikalaryny Türkmenistanda hödürläp gelýän «Yhlas Kagyz» HK-dan şu tehnikalary alyp bilersiňiz:

  • Pagruzşikler;
  • Greýdirler;
  • Kranlar;
  • Katoklar;
  • Forklifler;
  • Ekskawatorlar;
  • Buldozerler;
  • Ýaglar we tekerler.

Şeýle hem bu tehnikalaryň ähli ätiýaçlyk şaýlary amatly bahadan hödürlenilýär.
Hytaýyň LiuGong tehnikalary türkmen bazarynda özüni ygtybarly tarapdan tanadyp, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda giňden ulanylyp gelinýär.

«Yhlas Kagyz» HK şu artykmaçlyklary hödürleýär:

  • ähli tehnikalara 1 ýyl ýa-da 2000 motor sagat kepillik bar;
  • ähli tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlary bar;
  • ähli tehnikalara serwis hyzmatlary edilýär.

Belläp geçsek, Hytaýyň LiuGong Machinery Co., Ltd. Kompaniýasy 66 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edip, bu günki gün gurluşyk tehnikalarynyň öndürmek boýunça dünýäde ilkinji orunlary eýeleýär.
Häzirki wagta çenli kompaniýa diňe pagruzşikleriň 500 müňden gowragyny çykardy.
Gurluşyk tehnikalary dünýä belli Cummins (ABŞ), ZF (Germaniýa), Rexroth (Germaniýa), Ka-wasaki (Ýaponiýa) kompaniýalaryň önümlerinden öndürilýär.


Kompaniýa gurluşykda dürli maksatly işler üçin niýetlenen 19 görnüşli tehnikany öndürýär. Bu tehnikalar dolandyrmak, ideg etmek we saklamak üçin ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Bu tehnikalaryň ählisini hem Türkmenistandan alyp bolýar.
LiuGong tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny «Yhlas Kagyz» HK-nyň serwis merkezlerinden alyp bolýar. Zerur bolanda goşmaça ätiýaçlyk şaýlary Hytaýdaky zawoddan 2 hepdäniň içinde getirdip bolýar.
«Yhlas Kagyz» HK-nyň ýurdumyzda 2 sany serwis merkezi bar. Bu ýerde işine ussat inženerler zerur ideg we maslahat hyzmatlaryny berýär.

Salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükany, 3-nji gaty «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.
Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin ýerleşýän ýeri Aşgabat ş. “Altyn Asyr” Gündogar bazary (Jygyllyk) we Owadandepe önümçilik bazasy.
Ätiýaçlyk şaýlary ýerleşýän Dükany Aşgabat ş., Büzmeýin Jülge gara ýol 2 km.
Habarlasmak üçin telefonlar:


25.05.2026 17:25
3.5k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.8k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.5k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......