“Boeing” taryhda iň uly paýnama satuwlarynyň birini geçirip, 21 milliard dollar toplady

  • 31.10.2024 14:51
  • 8.4k+

"Boeing Co." 112,5 million aksiýa satyp, takmynan, 21 milliard dollar toplady. Bu taryhda jemgyýetçilik kompaniýasy tarapyndan iň köp satylan paýnamalaryň birine öwrüldi diýip, Bloomberg ýazýar.

Uçar öndüriji kompaniýa paýnamalaryň her birini 143 dollardan satdy. Bäşinji günde ýapylýan her paýnama 155.01 dollar töweregi bahada, takmynan, 7,7% arzanladyş bilen satyldy.
Şeýle hem hökmany konwertirlenýän, artykmaç paýnamany görkezýän 5 milliard dollarlyk depozitar paýnamalar çykaryldy.
Kompaniýa dördünji çärýekde 4 milliard dollara we ýylyň dowamynda umumy mukdary 14 milliard dollar töweregi pul akymyň bolmagyna garaşýar.  Krizis döwründe Boeing gysga möhletli goşmaça likwidligi üpjün etjek üçin 10 milliard dollarlyk karz şertnamasyna gol çekdi.
Ýygnalan serişdeler täze baş direktor Kelli Ortbergiň esasy maksatlaryndan biri bolan maliýe balansyny berkitmäge gönükdirilendir.
11-nji oktýabrda Ortberg işgärlere ýazan ýatlatmasynda kompaniýanyň işgärleri, takmynan, 10% azaltmak meýilnamasyny mälim etdi.
Boeing-iň maliýe ýagdaýyna birnäçe ýyllap dowam eden iş kynçylyklary, 737 Max uçarynyň önümçiligini şowsuz eden iş taşlaýyşlary ýaly birnäçe faktorlar zeper ýetdi. Geçen hepde Boeing zawodynyň işgärleri dört ýylyň dowamynda 35% aýlyk hak artdyrylmagy öz içine alýan kompaniýanyň soňky şertnamaly teklibini ret etmek üçin ses berdiler.
Mundan başga-da, geçen hepde-de Boeing 6,17 milliard dollarlyk ýitgini görkezýän çärýekleýin hasabatyny neşir etdi. Kompaniýa indi kynçylykly kosmos kapsulasy programmasynyň geljegi üçin wariantlara baha berýär.
Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli pul ýitirmegini dowam etdirjekdigini çaklaýar.
Kompaniýanyň paýnamalary şu ýyl 42% töweregi aşaklady, ol "Dow Jones" senagat pudagynda ikinji erbet görkeziji bolup durýar diýip, ru.investing.com habar berýär.


27.01.2026 18:14
7.5k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...