Garažda ýarym asyrlap saklanan "Mersedes-Benz" 9,3 million dollara satyldy

  • 31.10.2024 23:27
  • 18k+

Rudi Klýaýnyň onlarça ýyllap garažynda saklanýan gizlin ýygyndysy (kolleksiýasy) "RM Sotheby's" auksionynda satyldy. “Zibil” diýlip atlandyrylan lot auksionyň esasy bölegi boldy, bu 1956-njy ýylda öndürilen we seýrek gabat gelýän “Mersedes-Benz 300 SL Alloy Gullwing”awtoulagydyr.

Auksion öýüniň web sahypasynda bellenişi ýaly, bu öndürilen awto 29 nusganyň biridir. Awtoulag 1976-njy ýylda Klýaýnyň ýygyndysyna (kolleksiýasyna) girdi we häzirki wagtda çynlakaý dikeldiş işlerini talap edýär. Şeýle-de bolsa, bu lotuň 4,5-6 million dollara satylmagyna garaşylýardy, ýöne "300 SL Alloy Gullwing" awtoulag görnüşi 9,3 million dollara satylyp, rekord goýdy.
Awtoulag 1932-nji we 1949-njy ýyllar aralygynda “24 sagat içinde Le-Man” («24 часа Ле-Мана») ýaryşynyň üç gezek ýeňijisi bolan italýan sürüjisi Luiji Çinetti üçin ýörite gurnaldy.
Şeýle hem auksionda 1957-nji ýylda öndürilen we öňündäki çep çyrasy bolmadyk “Mersedes-Benz 300 SL Roadster” 1,2 million dollara satyldy.

Ikinji iň gymmat lot, 1935-nji ýylda nemes ýaryşçysy Rudolf Karaççiolanyň ýörite buýurmasy bilen döredilen “Mersedes-Benz 500 K” boldy. Awtoulag auksionda 4,1 million dollara satyn alyndy.
Iň gymmat bijeleriň arasynda 3,3 million dollarlyk 1939-njy ýyldaky "Horch 855 Special Roadster" hem bar.
Ýene üç bije 1 million dollarlyk bellige alyndy: olar 1962-nji ýylda öndürilen "Porsche 356 B 1600 'Twin-Grille' Roadster", 1964-nji ýyldaky "Iso Grifo A3/L Spider" prototipi we 1968-nji ýylda öndürilen "Lamborghini Miura P400" awtoulaglarydyr.
2001-nji ýylda Klýaýn ýogalandan soň, mif hasaplanýan ýygyndysy köpçülige mälim boldy. Eksponatlar 50 ýyldan gowrak wagt bäri garažda saklanyp galan seýrek we üýtgeşik modellerdi.


düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....