Alymlar Kuş patyşalygyndan bolan bir aýalyň 2500 ýyllyk mumiýasynyň keşbini täzeden dikeltdiler

  • 30.10.2024 12:00
  • 10k+

Pert muzeýiniň alymlary kriminolog doktor Kris Rinn bilen bilelikde 2500 ýaşyndaky mumiýa Ta-Kr-Hb-iň ýüzüniň sanly görnüşini dikeltdiler diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Mumiýaly sarkofag 1936-njy ýyldan bäri muzeýde saklanýar, ýöne alymlara indi onuň daşky görnüşini kesgitlemäge we terjimehalyny anyklamaga mümkinçilik berildi.
Hünärmenler Ta-Kr-Hb-iň häzirki Sudanyň we Ýokarky Müsüriň çäklerini öz içine alan kuwwatly döwlet bolan Kuş şalygynda ýaşan garaýagyz zenan bolandygyna ynanýarlar.
Sarkofagdaky ierogliflerden çen tutsaň, zenan ruhany ýa-da şagyzy bolup biler. Ieroglifler onuň adyny görkezse-de, gelip çykyşy we jemgyýetdäki orny barada maglumat bermeýär. Ol 25-26-njy ýyllaryň nesilşalygy döwründe (takmynan 760-525-nji ýyllar) ýaşapdyr we takmynan 30 ýaşynda aradan çykypdyr. Barlagçylaryň bellemegine görä, zenan diş çüýremesiniň agyr görnüşinden ejir çekipdir.
Kraniofasial antropolog we kazyýet işi boýunça suratkeş doktor Kris Rinn onuň kelleçanagyny öwrenip, müsür kelleçanaklarynyň nusgawy görnüşinden tapawutlanýandygyny, kuşit gelip çykyşlydgyny görkezýän üýtgeşik aýratynlyklary tapdy. Takmynan 2500 ýyl ozal Kuşit imperiýasynyň Müsüri basyp alandygy, şondan soň köp faraonlaryň we ýokary wezipeli adamlaryň kuşitlerden bolandygy mälimdir.
Rinn sarkofagda şekillendirilen inçe uzyn burunly süýnmek ýüzüň hakyky prototipiniň ýüzünden tapawutlydygyny belläp geçdi. Bu diýseň giň ýaýran ýagdaýdy. Sarkofagyň gapagynyň iç ýüzünde has garaýagyzrak derili zenan şekillendirilipdir.
Dikeldiş işleri ony saçsyz edip görkezýär: Rinniň sözlerine görä, bu ruhanylaryň däplerine laýyk gelýärdi.

“Ruhanylaryň hemmesi jesetleri balzamlamak bilen meşgullanandygy üçin saçlaryny syrdyrypdyrlar. Muny däp-dessur hem-de arassaçylyk kadalary talap edipdir. Eger ol şazadanyň aýaly bolan bolsa, megerem, şonda-da saçy syrylardy we dabaraly emeli saç geýerdi " – diýip, bilermen düşündirýär.


düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......