Er-Riýadda kub görnüşinde dünýäde iň uly bina gurlar

  • 30.10.2024 11:03
  • 12k+

Saud Arabystanynda kub şekilinde dünýäde iň uly bina gurlar. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, Mukaaba diýlip atlandyrylan binanyň diwarlarynyň uzynlygy we beýikligi şeýle desga üçin rekord 400 metr bolar.

Özboluşly bina Er-Riýadda dynç alyş merkezine öwrüljek täze Nýu Murabba sebitiniň esasy elementi bolar.
New Murabba Development Co. kompaniýasy eýýäm Mukaabany gurmaga taýýarlyk görmek üçin 10 mln kubometrden gowrak toprak gazdy. Geljek 12 aýda binada we onuň çäklerinde dynç alyş edaralaryny, okuw edaralaryny we lukmançylyk edaralaryny, şeýle-de 45 müň orunlyk stadiony döretmek üçin onlarça milliard riallyk şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär.


Kub dünýäde ilkinji doly ýapyk diň bolup, 500 otagly oteliň myhmanlaryna dünýäniň dürli künjeklerine “syýahat etmäge” mümkinçilik berýän golografiki şekiller bilen gümmezi öz içine alar.

“Siz içinde wagtyňyz, gümmezi görüp bilmersiňiz. Siz Serengetide ýatyp, Nýu-Ýorkda oýanyp bilersiňiz. Siz onuň ysyny, özüni duýup, oňa el degrip bilersiňiz” – diýip, New Murabba-nyň baş müdiri Maýkl Daýk taslamany beýan etdi.

Taslamanyň birinji tapgyry 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriler we 35 müň töweregi adam üçin 8000-e golaý jaý gurlar.


düýn 19:49
1.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9.1k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...