Instagram wideo meşhur bolmasa, onuň hilini peseldip başlady

  • 29.10.2024 16:30
  • 5.4k+

Instagram wideonyň hil derejesini onuň meşhurlygyna baglylykda ulaldyp-kiçeldýän syýasaty durmuşa geçirdi. Bu barada TechCrunch-a salgylanyp, 3dnews.ru habar berýär.

Instagramyň we Threadsyň başlygy Adam Mosseri ýörgünli wideolar üçin ýokary hilli kodlamagy ulanjakdygyny, meşhurlygy az wideolaryň bolsa pes hilde ýaýlyma beriljekdigini habar berdi.
Mosseriniň aýtmagyna görä, Instagram wideolary mümkin boldugyça ýokary hilli görkezmäge çalyşýar, ýöne wideo çap edilenden soň ilkinji sagatlarda görülmese, çeşmeleri tygşytlamak üçin hili awtomatiki usulda peselýär. Şeýle-de ol sözüniň üstüne, pikirleriň köpüsiniň rolik paýlaşylandan soň ilkinji sagatlarda ýüze çykýandygyny goşdy.
Meşhurlyga esaslanýan çemeleşme Meta platformalary üçin täzelik däl: kompaniýa geçen ýyldan bäri dürli kodlaýyş sazlamalaryny ulanýar.  Şeýle-de bolsa, ulanyjylaryň biri Mosseriniň “Threads” wideosyny paýlaşandan soň, bu beýannama onlaýn çekişmeleri döretdi. Käbir ulanyjylar bu kararyň adalatsyzdygyny hem-de sosial torlarda meşhurlar bilen ýaňy başlan döredijileriň arasyny açyp we düşünişmezligi giňeldip biljekdigini bellediler.
Mosseri muňa jogap edip, wideolaryň hil tapawudynyň ujypsyzdygyny, tapawudyň  tehniki parametrlerde däl-de, rolikleri düşürýäniň ussatlygyna hem-de mazmunyň täsirliligine baglydygyny aýtdy.


düýn 19:38
328

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....