“Volkswagen” ýitgileriniň öwezini dolmak üçin Germaniýada azyndan üç zawodyny ýapar

  • 29.10.2024 11:56
  • 7.1k+

“Volkswagen” ýitgileri azaltmak boýunça çäreleriniň çäginde Germaniýadaky zawodlarynyň azyndan üçüsini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Focus” neşiri ýazýar.

Kompaniýanyň iş geňeşiniň başlygy Daniel Kawallonyň sözlerine görä: "Direktorlar geňeşi Germaniýada azyndan üç sany VW zawodyny ýapmak isleýär". Bu karar Wolfsburgda geçirilen işgärler ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Awtokonserniniň merkezi ştab-kwartirasy-da bu şäherde ýerleşýär diýip, gazet.ru habar berýär.
Osnabrýukdaky “Volkswagen” zawodynyň ýapylmak howpy ýokarydyr, sebäbi ol ýakynda "Porsche" üçin önümçilik şertnamasyny ýitirdi.
Netijede, on müňlerçe iş ýeriniň ýapylma howpy bar, mundan başga-da, kompaniýanyň bölümleriniň ep-esli bölegi ýatyrylyp ýa-da Germaniýanyň daşyna geçirilip bilner.
“Volkswagen” sentýabr aýynda 30 ýyldan gowrak wagt hereket eden iş kepillendiriş ulgamyny tamamlady. Bu bolsa iş ýagdaýynyň sebäplerine görä, işgärleriň 2025-nji ýylyň ortalaryndan azaldylmagyna mümkinçilik döretdi.


düýn 11:11
3.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
6.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......