Täze “Ýyldyz söweşleri” ssenariýaçysyz galdy: sebäp näme?

  • 28.10.2024 14:03
  • 5.6k+

“Kesgir gaşlar” (“Острые козырьки”) serialy bilen tanalýan ssenariýaçy Stiwen Naýt “Ýyldyz söweşleri” boýunça täze taslamadan gitdi. Bu filmiň relizi 2027-nji ýylyň 17-nji dekabryna meýilleşdirilýär we häzir Lucasfilm studiýasy başga bir ssenariýaçy gözleýär diýip, Variety habar berýär.

Naýt taslama 2023-nji ýylyň ýazynda goşulyp, öňki ssenariýaçylar Deýmon Lindelof (“Diri galmak”) bilen Jastin Britt-Gibsonyň ornuny çalyşdy. Onuň gitmeginiň sebäbi aýan edilmeýär, ýöne indi önümçilik 2025-nji ýyldan ir başlamaz.
Film dokuzynjy bölümden (“The Rise of Skywalker”) soňky wakalary gürrüň berer, bu ýerde Deýzi Ridliniň janlandyrmagyndaky baş gahryman Reý ýaş jedaýlaryň akademiýasyny döredýär. Lentanyň režissýory “Oskar” baýragynyň eýesi Şarmin Obaid-Çinoýdyr (“Hanym Marwel”).
Häzir Stiwen Naýt “Kesgir gaşlaryň” doly metražly filminiň üstünde işleýär. Şeýle-de, ol “Mariýa” biografik filminiň ssenariýaçysy bolup çykyş etdi, filmde Anjelina Joli meşhur opera aýdymçysy Mariýa Kallasyň roluny ýerine ýetirdi.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......