Saud Arabystany dünýäniň iň beýik binasyny nädip gurjakdygyny görkezdi

  • 28.10.2024 11:22
  • 17k+

Dünýäniň iň beýik binasy boljak "Jeddah Tower-iň" gurluşyk işini görkezýän wideo peýda boldy. Minara Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde gurulýar.

Wideony Saud Arabystanynyň şa maşgalasynyň agzasy, telekeçi we milliarder Al-Walid ibn Talal Al Saud öz X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirdi.
Taslamanyň modeli gurluşygyň dürli etaplarda nähili geçiriljekdigini görkezýär.
Binanyň boýuny galdyrmak işleri geljek ýylyň mart aýynda başlar we bökdençsiz dowam eder. Potratçylar 2025-nji ýylyň awgustyna çenli 100-nji gata çykmagy meýilleşdirýärler. 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli 160-njy gatdaky tegelek gözegçilik otagy taýýar bolmaly.
Bu binanyň gurluşygy 2028-nji ýylyň mart aýynda tamamlanar diýip,  naked-science.ru ýazýar.


şu gün 11:19
5.7k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...