Türkmenistan Meksika bilen ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 26.10.2024 23:53
  • 3k+

24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Şunuň bilen birlikde, medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Indiki syýasy geňeşmeleri geljek ýyl Aşgabatda geçirmek teklip edildi.


düýn 22:20
3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......