Özbegistanda ýitip giden iki gadymy şäher tapyldy: Tugunbulak we Taşbulak

  • 26.10.2024 18:36
  • 13k+

Arheologlar Özbegistanyň çäklerinde iki gadymy dag şäherini – Tugunbulak we Taşbulak şäherlerini tapdylar. Ýüzlerçe ýyl ozal olar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gülläp ösüpdir.

IFL Science neşiriniň ýazmagyna görä, bu tapyndy barada Özbegistanyň Milli arheologiýa merkezinden Farhad Maksudow bilen bilelikde bu ylmy gözlege gatnaşýan Waşington uniwersitetiniň professory Maýkl Fraketti habar berdi.
Şäherler öň ýiten maýýa şäherlerini gözlemekde ulanylan LiDAR lazer skanirleme tehnologiýasynyň kömegi bilen kartalaşdyryldy. LiDAR arkaly alymlar bu ýerleriň gerimine baha berip, olaryň Merkezi Aziýadaky möhüm ornuny kesgitlemegi başardy.
Professor Frakettiniň aýtmagyna görä, şeýle uly aragatnaşyk merkezleriniň daglarda ýerleşmegi “daglaryň söwda üçin böwetdigi baradaky pikirleri ret edýär”.

“Bular Merkezi Aziýada möhüm şäher merkezleri bolupdyr, esasanam, düzlük oazislerden has çylşyrymly dag şertlerine geçdigiňsaýyn. Adatça, daglar Beýik Ýüpek ýoly boýunça söwda we hereket üçin päsgelçilik hökmünde görülse-de, aslynda olar uly aragatnaşyk merkezleriniň ýerleşýän ýeri bolupdyr. Mallaryň köpeldilmegi, magdanyň gazylyp alynmagy we beýleki gymmatly çeşmeler, ähtimal, olaryň gülläp ösüşine ýardam edendir” – diýip, professor gürrüň berýär.

120 gektar meýdany eýeleýän Tugunbulak şol döwrüň iň uly dag şäherleriniň biri bolupdyr. Maksudowyň aýtmagyna görä, “ýerli ýaşaýjylar çarwa maldarlary bolup, olar özüniň aýratyn, garaşsyz medeniýetini we ykdysadyýetini saklapdyr”.
Ululygy boýunça birneme kiçi bolan Taşbulakda hemişelik ýaşaýyş ýerleri bolmandyr, bu bolsa ýerli ilatyň çarwalar bolup, şähere diňe möwsümleýin gelendigini aňladýar.
Şeýle-de, arheologlar Tugunbulagyň golaýynda demir magdanlarynyň baý gatlaklaryny tapdylar we ýaşaýjylaryň ony kerwenler bilen söwda etmek üçin metala öwrendigini çaklaýarlar.
Topar bu sebitde Ýüpek ýolunyň beýleki ýiten oturymly ýerlerini tapmak üçin ylmy gözlegleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....