Tailand syýahatçylardan salgyt almagy meýilleşdirýär: giriş we ätiýaçlandyryş üçin 9 dollar

  • 26.10.2024 17:01
  • 6k+

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Tailandyň Hökümeti daşary ýurtlulara 300 bat (takmynan, 9 dollar) syýahatçylyk salgydyny girizmek baradaky teklibe sereder diýip, Syýahatçylyk we sport ministri Sorawong Thiýenthongyň sözlerine  salgylanýan Bangkok Post gazeti habar berýär.

Birinji tapgyrda töleg howa ýoly bilen gelýän syýahatçylardan alnar we soňra bolsa ýurda girýänleriň hemmesine degişli bolar. Bu proses azyndan alty aý dowam eder diýlip garaşylýar.
Töleg etmeklik Günorta Koreýanyň K-ETA hasaba alyş ulgamyna meňzeş web sahypa ýa-da programma arkaly amala aşyrylar. 300 bat 60 bat (1,8 dollar) ätiýaçlandyryş tölegini öz içine almak bilen, 30 gün güýji bolar.
Syýahatçylar üçin salgyt girizmek pikiri ilkinji gezek 2019-njy ýylyň maý aýynda peýda boldy, ýöne şol ýylyň sentýabr aýynda yza süýşürildi. Pandemiýadan soň töleg girizmek birnäçe gezek gaýra goýuldy. 2023-nji ýylda bu mesele parlament saýlawlaryndan soň gün tertibinden aýryldy, ýöne indi ýene örboýuna galdy.
Tailand 2024-nji ýylda 36 million sany daşary ýurtly syýahatçyny garşy alar we syýahatçylykdan 1,8 trillion bat (54 milliard dollar) girdeji gazanar. 2023-nji ýylda Tailandyň syýahatçylyk pudagynyň umumy girdejisi 1,2 trillion bat (36 milliard dollar) boldy we ýurt 28 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmany kabul etdi.


şu gün 16:40
902

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......