Aý şuglasy bilen ýyldyzlary “örter”: Ýeriň tebigy hemrasy noýabrda asman jisimlerini 5 gezek gurşap alar

  • 26.10.2024 16:49
  • 7.9k+

Noýabr aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek astronomiki hadysany synlap bilerler: Aý şuglasy bilen planetalary, ýyldyz toparlary ýaly dürli asman jisimlerini bäş gezek gurşap alar. TASS muny Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Astronomlar: "Noýabr aýynda planetalaryň, ýyldyzlaryň we ýyldyz toparlarynyň bäş gezek tutulmasy (okkultasiýasy) bolar" diýip aýdýarlar.

Onuň ilkinji hadysasy 4-nji noýabrda Antares ýyldyzlarynyň Aý tarapyndan örtülmegi (okkultasiýasy) bilen bolup geçer. Hadysa Ýuwaş ummanyndan görner. Soňra 11-nji noýabrda Saturny Ýeriň tebigy hemrasy şugla bilen örter. Muny Amerikanyň ýaşaýjylary synlap bilerler.
Şeýle-de 12-nji noýabrda Aý Neptuny gurşap alar. Onuň yzysüre, ýagny 16-njy noýabrda dolan Aý ýiti şuglasy bilen Pleýad açyk ýyldyzlar toparyny, 27-nji noýabrda bolsa Spika ýyldyzyny gurşap alar. Hadysalaryň üçüsi-de Demirgazyk Amerikadan görner.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...