Welotregiň git görnüşi boýunça dünýä rekordy täzelendi

  • 26.10.2024 16:43
  • 4.9k+

Russiýaly Alina Lysenko welotregiň git görnüşi boýunça 500 metr aralygy birinji bolup tiz geçdi we dünýä rekordyny täzeledi.

Zenan türgeniň rekord görkezijisi Krylatskoýda geçirilen Russiýanyň milli çempionatynda hasaba alyndy diýip, rbc.ru habar berýär.
Alina Lysenko bellenen aralygy geçmek üçin 26,750 sekunt netijäni görkezdi. Bu 2016-njy ýylyň dekabrynda nemes türgeni Kristina Wogeliň (28.970) görkezen netijelerinden üstün geldi.
21 ýaşly Lysenkonyň ýazgysy Halkara welosiped birleşigi (UCI) tarapyndan entek tassyklanmady. Ýöne bu görkeziji ony ýaryşyň sanawynyň ilkinjileriniň hataryna çykardy.
Maglumat hökmünde bellesek, Alina Lysenko sportuň bu görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda üç gezek dünýä çempionydyr.
Welotregiň git görnüşinde wagt bilen tizlik esasy zat hasaplanýar. Tizlige çalt ýetmek we bellenen aralygy ilkinji bolup geçmek türgen üçin şertdir. Onda başga taktika ýok.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......