Maşa we Aýy hakda täze multfilm çykar. Olar Täsinlikler seýilgähine giderler

  • 26.10.2024 07:21
  • 8.3k+

5-nji dekabrda täze “Maşa we Aýy kinoda: Täsinlikler seýilgähi” multfilminiň ilkinji görkezilişi bolar. Animaccord studiýasynyň taslamasy “Wolga” kinoprokat kompaniýasynyň goldawy bilen uly ekranlara çykar diýip, RBK Life habar berýär.

Sýužetde baş gahryman Maşa, onuň dogany Daşa we Aýy adatdan daşary başdangeçirmeleriň garaşýan ýeri bolan attraksionlar seýilgähine gidýärler.

“Täsinliklere ynanýarsyňyzmy? Aýy-ha o diýen däl - çünki ol eýýäm uly. Ýöne Maşa welin anyk bilýär: täsinlikler ýöne bir bar bolmak bilen çäklenmän, olary islendik ýerden tapyp bolýar! Aýratynam, attraksionlar seýilgähinden tapyp bolýar: ýöne ýere Täsinlikler seýilgähi diýilmeýär ahbetin, dogry gerek? Maşa we Aýy baradaky täze hyýaly hekaýaty duşuňyzdan geçirmäň! Size geň başdangeçirmeler, üýtgeşik tanyşlyklar we hatda ... jadyly aždarha hem garaşýar! Ýöne - çüşş! Bu häzirlikçe uly syr! ” – diýip, taslamanyň sinopsisinde aýdylýar.

Filmi döredijiler Daşanyň, garagol Maşadan tapawutlylykda, has tutanýerlidigini aýdýarlar. Ol möhüm şüweleňe gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin seýilgähiň kwestinde ýeňiş gazanmaga çalyşýar. Aýy bolsa öz täze “akylly” kamerasyny barlaýar. Emma birtopar garaşylmadyk wakalar olaryň meýilnamalaryny bozýar.
Film Maşa bilen Aýynyň dostlugy hakyndaky meşhur hekaýatlar tapgyryny dowam etdirýär. Bu gahrymanlar baradaky multserial eýýäm bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Taslama 45 dile terjime edildi we YouTube-da 130 milliarddan gowrak gezek tomaşa edildi. Iň köp tomaşa edilen bölüm - “Maşa goşmak kaşa” bölümi 2019-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bölüme şu güne çenli 4,6 milliarddan gowrak gezek tomaşa edildi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......