Hindistan Aýyň günorta polýusyndan toprak nusgalaryny ýygnamagy meýilleşdirýär

  • 25.10.2024 11:42
  • 4.8k+

Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) täze “Chandrayaan-4” Aý missiýasynyň jikme-jikliklerini ýaýratdy. Bu barada "Spacenews" habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu wezipe Aýyň günorta polýusynyň çäginde Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaga gönükdiriler.
Milanda geçirilen Halkara kosmonawt kongresinde ISRO-nyň metbugat sekretary P. Wiramuwela “Chandrayaan-4”-iň iki blokdan (bölekden) ybaratdygyny, aýratyn LVM-3 raketalarynda uçuryljakdygyny aýtdy. Bloklar (bölekler) geosinkron orbitada ýerleşer we bilelikde Aýa syýahat eder.  Bu wezipe Aýyň günorta ýarym şarynyň 85 - 90 gradus giňişliginde gonmagy, nusgalary ýygnamagy, Aý orbitasynda duralga we nusgalar bilen Ýere gaýdyp gelmegi öz içine alýar.
"Mundan başga-da, ekipažymyzyň Aýa gonmak missiýa mümkinçiliklerini görkezip bileris"diýip, Wiramuwela çykyşynda belläp geçdi.
Missiýanyň esasy maksady üç kilograma golaý nusgalary ýygnamakdyr.  Şeýle-de bolsa, Aýyň topragynda iki metr çuňluga çenli burawlamak üçin ISRO täze tehnologiýalar zerurdyr (Barlag geçirmek üçin Aý topragynyň ýüzünden däl-de, iki mert çuňlukdaky toprakdan nusga hökmünde alynýar).
Bu missiýanyň gonjak ýerini saýlamak boýunça gözleg işler dowam edýär. Ýöne häzirki wagtda "Chandrayaan-3-iň" gonan ýeri Şiw Şaktida gämini gondurmak göz öňünde tutulýar.
“Chandrayaan-4”-iň uçurylyşy 2027-2028-nji ýyllarda meýilleşdirilýär.
Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) Ýaponiýanyň howa giňişliginiň gözleg gullugy (JAXA) bilen bilelikdäki "Chandrayaan-5 / LUPEX" taslama missiýasyny hem işjeň ösdürýär.  Bu missiýanyň wezipesi Aýyň günorta polýusyndaky buzly suwlary we hemişelik kölegeli ýerleri öwrenmek üçin niýetlenendir. Bu missiýa 2028-2029-njy ýyllarda başlamak göz öňünde tutulýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....