“Pingwin” uçdy: serialyň bäşinji bölümine bir günde rekord 1,8 mln adam tomaşa etdi

  • 25.10.2024 09:54
  • 4.7k+

“Betmen” älemine esaslanýan “Pingwin” serialynyň bäşinji bölümi görkezilen güni ABŞ-da 1,8 million tomaşaçyny özüne çekdi. Bu şu ýyl ABŞ-da çykan ähli teleseriallaryň arasynda iň ýokary bir günlük netijedir.

Gagadget portalynyň belleýşi ýaly, otrisatel gahryman Oz Kobbuň (Pingwin) keşbini Kolin Farrelliň ýerine ýetirmegindäki serial uly islegden peýdalanýar. Deňeşdirmek üçin, dördünji bölüm 1,7 million tomaşa ýygnady. Birinji bölüme bolsa relizinden bäri 14 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.
Ssenariýaçy Loren LeFrank tarapyndan taýýarlanan sekiz bölümli taslama “Betmen” filminiň (2022) wakasyny dowam etdirýär, bu ýerde Farrelliň personažy ilkinji gezek peýda bolupdy.
Serialyň sýužeti Gotemde güýçli jenaýat hojaýynyna öwrülýän Oz Kobbuň ýoluny açyp görkezýär. Taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde doly metražly “Betmeniň” režissýory Mett Riwz çykyş etdi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....